“Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen medeniýet ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň Gämi oba medeniýet öýüniň işgärleriniň guramagynda “Keşdeçilik senediniň nepisligi” ady bilen çäre geçirildi. Çärede ene-mamalarymyzdan gelýän keşdeçilik senediniň aýratynlyklaryny ýaş zenanlarymyza onuň inçe syrlary, aýratynlyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi we özleriniň aýdym-sazlary bilen dowam etdiler. Bu çäräniň esasy maksady el işleriniň ussatlygyny kämilleşdirmek we gadymdan gelýän keşdeçiligi ýaş zenanlarmyzda ösdürmekden ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň nesil terbiýesinde, raýatlaryň watançylyk, sowatlylyk, medenýetlilik derejesini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa gadymdan gelýän sungatymyzy dowam etdirmek, nesilleri kämilleşdirmek we ylymly-bilimli, watansöýüji, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ýokary derejede sowatly, sagdyn ruhly, hünär bilimli we döwrebap nesiller edip ýetişdirmäge gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi gülläp ösdürmekde uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak, il-ýurt bahbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!