Gadymy döwürlerde suw salmak üçin giňden ulanylan toýundan ýasalan jürnükli küýzelerdir.Suw küýzesi uly göwrümli, bir gulplydyr. Jürnükli küýze ýerde oturtmaga ýörüteleşdirilen çaňlaň gapdyr.Suw üçin niýetlenen jürnükli küýzeler iki görnüşli bolupdyr.Olar uly göwrümli we kiçi göwrümli küýzeler. Uly göwrümli jürnikli küýzelere 8-10 litr suw sygýar.Şol küýzeler bilen ýaplardan,howuzlardan,guýy-kärizlerden suw getirilýär. Kiçi göwrümli jürnikli küýzeleri bolsa adamlar uzak ýere ýa-da işe gidenlerinde,ony agyz suwy äkitmek üçin peýdalanypdyrlar.Orta Aziýa ýurtlarynda ХIV-ХV asyrlarda keramika önümçiligi has ýokary derejä ýetipdir. Külalçylyk esasy iki topara bölünip olar syrçaly we syrçasyz önümlerden ybarat bolupdyr. Ýaşyl,mawy, ak, gök, reňkler bilen syrçalanan dürli görnüşdäki gap-gaçlar bilen bir hatarda bu döwürde binagärçilik ymaratlary reňkli syrçaly kerpiçler bilen bezelip has ýokary derejä göterilýär.Bu çeper önümçiligiň ussalary ýagny kulalçylar bir meňzeşlikden gaça durmak üçin keramika toýun önümlerinden ýasalan gap-gaçlary dürli görnüşde ýasamaga çalşypdyrlar we hojalykda giňden ulanylýan gap-gaçlarynyň sany hem şonça artmak bilen bolupdyr.Keramikanyň giň çäklere ýaýramagy, onuň dürli halklarda we dürli taryhy döwürlerde hiliniň,görnüşleriniň üýtgäp, kämilleşip durmagy, keramika önümleriniň ýüzünde nagyşlaryň, käwagtlarda ýazgylaryň hem bolmagy, jemgyýetiň ýollaryny öwrenmek gymmatly taryhy çeşmeleriň birine öwrülýär. Kerimika adamzat jemgyýetinde ýazgy ugrunyň ösmegine hem ýardam edýär.Iň gadymy ýazgylaryň nusgalary hem biziň döwrümize keramikanyň üsti bilen gelip ýetdi. Kulalçylar öz önümlerini diňe bir ilatyň gündelik hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin däl-de, eýsem söwda-satyk üçin hem niýetläpdirler.