Kaka etrap Merkezi kitaphanasynda okyjylaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XIV tomynyň kitaphanamyza gelip gowuşmagy mynasybetli kitap tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Geçirilen bu çärede kitabyň her bir bölümine syn berilip, ondaky dermanlyk ösümlikleri, şeýle hem şol dermanlyk ösümlikleriň saglyga peýdasy barada okyjylara gürrüň berildi. Çärede Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň mundan beýläk hem ýiti bolmagy arzuw edildi. Çäre guramaçylykly alnyp baryldy.