Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda medeniýetimizi, uly aladalar edýär. Gündogaryň görnükli şahyr – filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy belleniler. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekillerinde–de ýaňlanýar. Hususanda bütin adamzadyň altyn genji – hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, ХVIII asyryň meşhur akyldar şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp ýurdumyzda dabaraly çäreler geçirilýär. Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasy “Köňülleriň şahyry” ady bilen okyjylaryň arasynda konferensiýa geçirdi. Bu çärede Magtymguly Pragynyň döredijiligine degişli eserleri baý many – mazmuna eýe boldy. Çykyş eşretli zamanada ýaşamaga mükinçilik döreden Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň jany sag il – ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin.