2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly Zamanasy” ýylynda Beýik ösüşlere şanly sepgitlere eýe bolup dowam edip dur, Horamatly Prezidentimiziň saýasynda saýalaýan mähriban Türkmen halky buýsançly başyny göge ýetirdi. Asylynda bahar paslynyň özboluşly aýratynlygy bar. Bahar paslynyň gelmegi bilen ene ýere tohum sepip, bol hasylyň düýbüni tutmaga başlaýarlar. Halkymyz mydama baharyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar bu pasylda tebigat täzeden janlanyp, keramatly topraga bereket ýagýar. Türkmen halky toýdyr baýramlara baý myhman söýer halklaryň birdir. Bu gün hem türkmen ýaşyl ýaýlasy bolan Guryhowdanda geçerlen “Joş dileriň saýrasyn, Läle reýhan içinde” atly aýdym-sazly dabara geçirildi, dabarada Ak budaý etrabynyň “Dürdäne” folklor tans topary hem-de Türkmenistanyň Halk artisti Guwanç Ýazmmämedow hem-de Babadaýhan etrabynyň medeniýet merkeziniň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda, Hormatly Przidentimize Arkadagly Serdarymyza sag bolsunlaryny aýtdylar.