«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

2021-nji ýyl “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň sahnasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Mähri ummanlara deňelen ene” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda hormatly Arkadagymyzy wasp edýän aýdymlar aýdylyp, medeniýet merkeziniň drama folklor tans ansambly, wäşiler topary hem-de aýdymçy-sazandalary özeleriniň taýýarlan ajaýyp wakaly çykyşlary bilen çykyş etdiler. Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň medeniýatimizi sungatymyzy ösdürmek ugryndaky alyp barýan beýik işleri üçin öz minnetdarlyklaryny alkyşnama setirleriniň üsti bilen beýan edip baýramçylyk konsertini jemlediler.