“Parahatçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklary türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgesidir”

2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diyip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde “Parahatçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklary türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgesidir” atly şygar astynda 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda aýdym-sazly maslahat geçirildi. Brifing görnüşinde geçirilen dabaraly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parahatsöýüjilikli içeri we ynsanperwer daşary syýasatyny halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat etmek boýunça “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň hem-de Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň amala aşyrmagy meýilleşdirýän işleri, şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, ýurtlar arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri barada täsirli çykyşlar edildi.