“Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”

“Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen medeniýet ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Ak bugdaý etrabynyň we Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň Bokurdak oba medeniýet öýüniň işgärleriniň gurmagynda “Halypa şägirtlik ýoly” ady bilen çäre geçirildi. Çärede halypa şägirtlik ýoly bilen ýaş nesillerimize dutar ýasamak senetçiliginiň inçe syrlary, aýratynlyklary dogrusynda giňişleýin düşündirildi. Bu çäräniň esasy maksady milli saz gurallaryny ýasamagyň ussatlygyny kämilleşdirmek we dutarçylyk senediniň milli mekdebini ösdürmekden ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň nesil terbiýesinde, raýatlaryň watançylyk, sowatlylyk, medenýetlilik derejesini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa ýaş nesilleri kämilleşdirmek we ylymly-bilimli, watansöýji, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ýokary derejede sowatly, sagdyn ruhly, hünär bilimli we döwrebap nesiller edip ýetişdirmäge gönükdirlendir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi gülläp ösdürmekde uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak, il-ýurt bahbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!