«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Ahal welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň arasynda 2021-nji ýylyň mart aýynyň 17-sine “Ýylyň terbiýeçisi – 2021” bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan syýasatynyň talaplaryna laýyklykda ýaş nesle döwrebap, milli ruhda bilim-terbiýe bermekde döredijilikli işleýän, işbaşarjaň, çagalaryň zehinlerini we ukyplaryny ösdürmekde baý tejribesi bolan öňdebaryjy terbiýeçileri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşige welaýatyň Tejen şäherinden we etraplaryndan gelen terbiýeçiler özleriniň hünär kämilliklerini, alyp barýan okuw-terbiýeçilik, usuly işlerini beýan edip özara bäsleşdiler. Netijede, “Ýylyň terbiýeçisi-2021” bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan Ak bugdaý etrabynyň 8-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Meredowa Maýa bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmak üçin hödürlendi.