2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 07-ne Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan Ahal welaýatynyň zehinli çagalaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýaş nesliň arasynda uly meşhurlyk gazanan agzalan baýraga bu gezek welaýatymyzdan ruhubelent çagalaryň onusy mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, bu baýrak ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, bagtyýar döwrümizi wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezýän, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde öz goşandyny goşýan, şeýle-de bilim, döredijilik bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, galybersede beýleki ugurlarda tapawutlanýan çagalara berilýär. Baýragyň ýeňijilerini Täze ýylyň başynda dabaraly ýagdaýda sylaglamak däbe öwrüldi. “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň şu taryhy günlerinde geçirilen dabarada baýraga mynasyp bolan ýaş zehinlileriň şatlygyny duýmak has-da buýsançly boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Ahal welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabarada bagtyýar çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň degişli şahadatnamasy hem-de gymmat bahaly sowgatlar uly ruhubelentlikde gowşuryldy. Bu pursat ýaş zehinlileriň durmuşynda aýratyn tolgundyryjy pursada öwrüldi. Baýraga mynasyp bolan çagalar okamaga, öwrenmäge döretmege, ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmege giň ýol açandygy üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.