Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Bäherden etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň iş meýilnamasy esasynda “Türkmeniň bedewiniň milli baýramy we Türkmeniň alabaýynyň” baýramyna bagyşlanyp, Bäherden etrabynyň Börme obasynyň gök-ýaşyl öwsüp oturan meýdan düzlüginde milli mirasymyza degişli bolan, Türkmen halysynyň, hem-de şaý seplerimiziň Türkmen bedewiniň we Türkmen alabaýyny wasp edýän suratlary,Hormatly Arkadagymyzyň keramatly kitaplaryndan,“Türkmeniň bedewiniň we Türkmeniň alabaýynyň” dürli pudaklaýyn eserlerden sergi guralyp, aýdym-saz, “Bäherdeniň läleleri” folklor toparlarynyň we skiripkaçylar toparynyň çykyşlarynyBäherden etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Hojageldiýewa Aýnajemal özüniň ýürek buýsanjyny goşgy setirleri bilen beýan etdip “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Bäherden etrap medeniýet bölüminiň işgärleri, ähli türkmen halkyny, Mähriban Arkadagymyzy “Türkmeniň bedewiniň milli baýramy we Türkmeniň alabaýynyň” baýramy bilen gutlap, bize şeýle mümkinçilikleri döredip berenligi üçin Hormatly Prezidentimiziň, Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli ähli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.