«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

2021-nji ýyl “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir güni toý baýramlara beslenýän eziz diýarymyzda Babadaýhan etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkezinde halkara Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada etrap medeniýet bölüminiň drama-folklor tans ansambly, dutarçylar topary şeýle hem wäşiler çykyş edip, baýramçylyk dabarasyna gatnaşan tomaşaçylarda ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdylar. Soňra hormatly Arkadagymyzyň adyna dördilen alkyşnama aýdymlary bilen baýramçylyk dabarasy jemlenildi.