«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, saglygynyň goraglylygyna gönükdirilen işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasy Ak bugdaý etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň işgärleri bilen bilelikde saglyk aýyna bagyşlap, “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar” ady bilen çäre geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly we beýleki sport, saglyk baradaky kitaplaryndan gürrüňdeşlik geçirildi.