«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Ahal welaýatynyň Tejen şäher medeniýet merkeziniň meýilnamasy esasynda Tejen şäheriniň Medeniýet öýünde 2021-nji ýyl “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Nowruz baýramy mynasybetli “Nowruz geldi ülkäme” ady bilen aýdym-sazly dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda medeniýet bölümleriniň gelin-gyzlarynyň gatnaşmaklarynda ümeçi gelin gyzlar nowruzyň däp-dessurlaryny ýerine ýetirdiler we milli el işleriniň sergilerini gurnadylar hem-de nowruz bilen baglanşykly aýdymlary, läleleri, yrymlary ýerine ýetirdiler. Baýramçylyk dabaranyň dowamynda medeniýet merkeziniň we Tejen şäheriniň zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary çärä gatnaşan adamlar tarapyndan uly el çarpyşmalar bilen garşylandy.Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagy, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly isleriniň mundan beýläk hem rowaç almagyny arzuw etdiler.