«Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

2021-nji ýyl«Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli Agalaň geňeşligindäki oba medeniýet öýinde «Bahar gelse,gül açylar baglarda,gül yşgynda şeýda bilbil saz eýlär» ady bilen aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.Çärede Agalaň geňeşligindäki ýaş höwesjeňler gatnaşmagy esasynda çykyş etdiler.Bu çäre Medeniýet we sungat işgärleri ,mekdep okuwçylary gatnaşdylar.Çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň,bagtyýarlyk döwründe ýaşaýan bagtyýar raýatlaryň saglygy ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň edýän aladalary dogrusynda çykyş edip,minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ýurdy abadan bolsyn!