Ak altyn geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanjak ýylynda Ak altyn obasyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Garaşsyzlyk-buýsanjymyz bagtymyz» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Hormatly Prezidentimizi hem-de Garaşsyzlygymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Şahamçanyň kitaphanaçysy tarapyndan «Garaşsyzlyk-köňülleriň nagşydyr» atly kitap sergisi şanly Garaşsyzlygymyza bagyşlanan dabara aýratyn ähmiýet berdi. Milli Liderimiziň ajaýyp eserleri bolsa, serginiň bezegine öwrüldi.