Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde saz-söhbede beslenen dabara geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki şanly ýylyň çärelerine özboluşly badalga bolan dabarany etrap häkimligi, etrabyň medeniýet bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Dabarany etrap häkiminiň orunbasary Altynjemal Sapardurdyýewa açyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň göwrümli işler, ykdysadyýetde, durmuş-medeni ulgamlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, ata Watanymyzyň barha arşa göterilýän şan-şöhraty barada gürrüň etdi hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip, yglan edilmeginiň ähmiýetini nygtady. Etrap häkiminiň orunbasary gadam basylan şanly ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýar türkmen halkynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny uly dabaralara besläp, giňden bellejekdigi baradaky gürrüňe ünsi çekip, naýbaşy baýramymyzyň şanyna Kaka etrabynda hem baý many-mazmunly çäreleriň guraljakdygyny aýtdy. Kaka etrabynyň baş ymamy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Nurmuhammet Rejebow, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy T.Nuryýew, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy T.Beknazarowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy N.Öwlýakulyýew, TMÝG-niň etrap Geňeşiniň başlygy B.Öwezow dagy dabarada eden çykyşlarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerindäki taryhy ähmiýetli wakalara ünsi çekip, Arkadagly döwrümiziň her bir gününiň şan-şöhrata beslenen wakalara utgaşýandygy, ata Watanymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda uly öňegidişliklere eýe bolunýandygy hakda uly buýsanç bilen gürrüň berdiler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli etrabyň çägindäki edara-kärhanalarda, guramalarynda, şeýle-de oba geňeşliklerinde meýilnama esasynda baý many-mazmunly çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Meýilnamalaýyn esasynda geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleriň, döredijilik bäsleşikleriň, sport ýaryşlarynyň, wagyz-nesihat duşuşyklarydyr maslahatlaryň netijeliligini gazanmakda bilelikdäki tagallalara aýratyn ähmiýet beriljekdigi bellendi. Dabaranyň dowamynda ýaňlanan sungat çykyşlary oňa baý many-öwüşginini berdi. Etrap medeniýet merkeziniň teatr studiýasynyň edebi-sazly kompozisiýasy, mahmal owazly bagşylaryň, ussat sazandalaryň, Çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylar toparynyň Arkadagly döwrümizi, eziz Diýarymyzy wasp edýän aýdym-sazlary, tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň kalbyny heýjana getirip, göwünlerine ganat berdi. *** Gökdepe şäheriniň Medeniýet köşgünde «Dünýäde parahatçylygy üpjün etmek we birek-birege ynanyşmak türkmen halkynyň ebedilik ýol-ýörelgesidir» ady bilen dabara geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýyla bagyşlanan dabarany etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi bilelikde gurady. Edara-kärhanalaryň zähmetkeşleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bolan dabarada täsirli çykyşlara aýratyn orun berildi. Bagtyýar ildeşlerimiz çykyşlarynda Arkadagly döwrümiziň gadyr-gymmaty, ata Watanymyzyň arşa göterilýän abraý-mertebesi, şöhratly ýyllarymyzyň üstünliklere beslenilişi dogrusynda söz açyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylymyzyň ilkinji günleri bolup geçýän şatlykly wakalar hakynda buýsanç bilen gürrüň etdiler. Üstümizdäki ýylda bellenip geçiljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamakda etrabyň zähmetkeşleriniň agzybirlik bilen has-da tutanýerli zähmet çekjekdigi barada aýdylanlar dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn goldaw tapdy. Dabara gatnaşanlar halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar. Dabaranyň dowamynda etrabyň medeniýet merkeziniň aýdymçy-sazandalarynyň we «Ak telpek» çagalar tans toparynyň çykyşlary oňa gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy. *** Tejen şäherindäki Medeniýet öýünde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli saz-söhbetli dabara geçirildi. Ýylyň şygary astynda ýaýbaňlandyrylan dabarany şäher häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň şäher komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramalarynyň şäher Geňeşi hem-de şäheriň medeniýet bölümi bilelikde gurady. Oňa dürli ugurlarda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdy. Dabara gatnaşyjylar medeni ojagyň eýwanynda guralan göçme kitap sergi bilen tanşanlaryndan soňra, dabaranyň geçýän ýerine bardylar. Ol ýerde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýürek joşduryjy çykyşlar boldy. Çykyş edenler gadam basylan şanly ýylyň ata Watanymyzyň, halkymyzyň durmuşyna şöhratly ýyllaryň biri bolup girjekdigine, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda uly sepgitlere ýetiljekdigine ynam bildirdiler. Halkymyzy bedew batly ösüşleriň ýoly bilen eşretli, röwşen günlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylan hoşallyk we alkyş sözleri dabaradaky çykyşlaryň özeni boldy. Aýdym-sazly çykyşlar bolsa, dabaranyň ruhubelentligini has belende göterdi. Şäheriň medeniýet bölümi tarapyndan taýýarlanan aýdym-sazlarda, tanslarda Arkadagly döwrümiziň joşgunly waspy beýanyny tapdy. *** Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde geçirilen dabara «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän şanly ýylyň çärelerine özboluşly badalga boldy. Dabarany etrabyň häkiminiň orunbasary Akgül Toporowa açyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäde barha arşa göterilýän şan-şöhraty, ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri barada gürrüň etdi. Ol çykyşynda geçen, 2020-nji ýylda eziz Diýarymyzyň ýeten beýik sepgitleri hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde bolup geçýän taryhy wakalaryň ähmiýeti dogrusynda aýratyn durup geçdi. Dabarada çykyşlara giň gerim berildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynyň taryha şan goşýan wakalara beslenýändigini, geçen ýylyň hem bagtyýar halkymyz, ata Watanymyz üçin rowaçlyga beslenen ýyllaryň birine öwrülendigini uly buýsanç bilen bellediler. Olaryň nygtaýşy ýaly, geçen, 2020-nji ýylda ýurdumyzyň dürli ugurlarynda gazanylan ägirt uly üstünlikler, ýetilen belent sepgitler milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berdi. Dabara gatnaşyjylar ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagy, şeýle-de Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň höküm sürmegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny alkyşly sözleri bilen beýan etdiler. Dabaranyň dowamynda etrabyň medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary ýürekleri heýjana getirdi. Bagşy-sazandalaryň, «Dürdäne», «Ahal owazlary» aýdym-saz, tans-halk döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda Arkadagly döwrümiziň waspy belentden ýaňlandy.