Taekwondo boýunça geçirilen gyzykly ýaryş

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda taekwondo boýunça Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň kubogy ugrundaky ýaryş tamamlandy. Türkmenistanyň Milli Taekwondo merkezi bilen bilelikde guralan bu bäsleşige Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, şeýle-de Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýatlaryndan türgenler gatnaşdylar. Şeýlelikde, kubok bäsleşigine 130-a golaý türgen gatnaşdy. Çekeleşikli tutluşyklaryň dowamynda türgenler söweş sungatynyň esasy ýörelgelerini görkezdiler. Netijede, Mary welaýatynyň topary kuboga mynasyp boldy. Mundan başga-da, taekwondo boýunça ýaryşyň ýeňijileri yglan edildi. Olara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary, medallar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 2010-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu bäsleşik ýaş türgenleri üstünliklere ruhlandyrýar. Taekwondo söweş sungaty boýunça Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň kubogy ugrunda geçirilen ýaryş ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm basgançaklaryň biridir.