Hormatly Prezidentimiziň bitaraplyk syýasatymyzdan gelip çykýan paýhasly başlangyçlary bütin dünýäde giňden ykrar edilýär. Türkmenistan diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygy, ikitaraplaýyn özara peýdaly we hoşniýetli gatnaşyklary ileri tutýar. Bu bolsa ýurdumyzyň daşary syýasatynyň parahatçylygy, agzybirligi, dostlugy ähli zatdan belentde goýýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistan diňe Merkezi Aziýada däl-de, bütin dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen ylalaşdyryjy merkez bolup, Bitarap döwlet hökmünde giňden tanalýar. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanmak bilen, köptaraplaýyn halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär. Ony döwletara derejesinde, şeýle hem, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli ösdürmek ugrundaky tagallalaryň gerimini barha giňeldýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasy netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň we halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmegiň täsirli guraly hökmünde çykyş edýär. Şeýle beýik başlangyçlar hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli daşary syýasatynyň netijesinde durmuşa geçirilýär.