Garaşsyz Türkmenistanyň üýtgewsiz garaýyşlary ýurtlaryň we halklaryň arasynda deňhukukly, özara hormata esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda dünýä giňişliginde BMG-niň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam bermekde jemlenýär. Şu nukdaýnazardan, dünýäniň birnäçe döwletleriniň parlament ýolbaşçylarynyň, ugurdaş halkara we sebit guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awazada geçiriljek köptaraply duşuşyk ägirt uly ähmiýete eýe bolar. Sebäbi Türkmenistan dürli syýasy ulgamly we garaýyşly ýurtlaryň açyk, netijeli gepleşikleri geçirip biljek ählumumy parlament meýdançasy bolup çykyş eder. Garaşylyşy ýaly, parlament ýolbaşçylarynyň öňde boljak duşuşgynyň dowamynda häzirki zaman parlamentarizmini ösdürmek barada pikir alyşmalar geçiriler. Olarda halklaryň we döwletleriň, olaryň ykdysady, durmuş-medeni ösüşiniň bähbidine mundan beýläk-de bilelikde işleşmek üçin anyk ugurlar kesgitleniler. Parlament ýolbaşçylarynyň Awaza duşuşygy parlamentara hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini, onuň ösüşiniň geriminiň giňdigini we dürlülige baýdygyny görkezmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, bu forum kanun çykaryjylygyň iň gowy tejribelerini we parlament işiniň usullaryny alyşmakda abraýly meýdançalaryň biri bolar.