«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli maksatnamalaryň çäklerinde durmuş düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, halkyň aň-bilim mümkinçilikleriniň netijeli artdyrylmagy hem-de bu ugurda amal edilýän uly işler bilen bagly alnyp barylýan öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasat ýurdumyzyň giň möçberli ösüşleriniň hil taýdan ýokary derejä çykmagynda wajyp orun eýeleýär. Milli ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini ösdürmek, ýurdumyzda öndürilen harytlaryň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär.