Humlar

Ahal welaýatynyň merkezi Änew şäherine ýerleşýän, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Milli “Ak bugdaý” muzeýiniň gymmatlyklarynyň arasynda saýlanýanlary humlardyr. Ahal welaýatynyň çägindäki ýadygärliklerden hem-de gadymy Merwden–Gäwürgaladan tapylan uly humlar örän täsirlidir hem gadymydyr. Olaryň daşky diwarynda dürli “oýma hem-de güberçekli” nagyşlar bar. Humlar geçmişde däneli ösümlikleri, esasan hem bugdaýy saklamak üçin niýetlenipdir, olaryň käbirleri bolsa, urylara gömülipdir. Humlar miladydan ozalky II asyrdan XVIII-XIX asyrlara degişlidir. Bagtyýarlyk döwürde türkmen ylmyny ösdürmäge, halkymyzyň medeniýetini, taryhyny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.