Halk Maslahaty – jemgyýetiň jebisliginiň nyşany

Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, ony döretmegiň tertibi we ygtyýarlyklary konstitusion kanun bilen kesgitlenýär. 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen kararlardyr çözgütler milli ösüş maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna gönükdirilip, tutuş halkymyz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda: “Biz döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik kadalardan ugur alyp, döwlet ähmiýetli möhüm soraglary halk bilen maslahatlaşyp amala aşyrýarys. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi hem şol maksatlara esaslanýar” diýip belledi. Halkymyzda “Agzybirlik döwletliligiň altyn açarydyr” diýen ajaýyp pähim bar. Biz bu pähimiň halkymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülip gidendigine şaýat bolýarys. Agzybirlik bilen, gurmak, döretmek, merdana ata-babalarymyzyň gymmatly ýörelgelerini döwrüň gazananlary bilen baýlaşdyryp, geljekki nesillere geçirmek jemgyýetiň ösüşine täsir edýän durmuş gözellikleriniň biridir.