Ajaýyp ahalteke bedewlerimiz gadymdan bäri halkymyzyň aýrylmaz hemrasy, wepaly syrdaşy bolup gelýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ynsan ýaly syzýan ajaýyp bedewlerimiziň şanyna uludan toý tutulmagy taryhy hem-de ruhy kanunalaýyklykdyr. Çünki olar edermen, batyr, watansöýüji ýigitlerimiziň syrdaşy, ýakyn hemrasy bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplaryndan hem ata-babalarymyzyň irginsiz zähmeti, yhlasy we söýgüsi siňen bedew atlarymyzyň gözelligi, ýyndamlygy eýesine wepadarlygy, olaryň halkymyzyň ýaşaýyş durmuşdaky orny, şeýle-de häzirki döwürde ýurdumyzda atlara goýulýan sarpa barada gyzykly maglumatlary okap bolýar. Dabarasy, şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň sarpasyny belende götermekde, atçylyk sungatyny ösdürmekde nusgalyk işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw edýäris.