Halkara nebitgaz forumy.

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýän kuwwatly energetika döwleti bolup durýar. Ýurdumyz iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly göni energiýa hyzmatdaşlygynyň gerimini yzygiderli giňeldýär. Şunda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli ýangyç-energetika toplumyna iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary işjeň ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlary bilen giňden tanyşdyrmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat edýän, her ýylda geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahat we sergi netijeli göni gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary işe girizmek hem-de dünýä tejribesini öwrenmek üçin öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam edýär. “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 31-nji gezek “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçirilýän halkara maslahatyň we serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler.