«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde daşary döwletler bilen söwda-ykdysady we dostlukly gatnaşyklar güýçli depginde ösdürilýär. Ýakynda Ýaponiýa döwletinde öndürilýän ýer gazýan hem-de awtomobil tehnikalarynyň Türkmenistana getirilmeginiň meseleleri, Tokio şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisini geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.