Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi hem-de Birleşen Millitler Guramasynyň esaslandyrylmagyna 80 ýylyň dolýandygy bilen has uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda amala aşyrylýan asylly işleriň netijesinde gülläp ösýän Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde halkara abraýy barha artýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilýän aladalar rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyz oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirip, dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly döwletleriň Baştutanlary we ýurdumyza gelýän ýokary derejeli myhmanlar bilen yzygiderli geçirýän duşuşyklary hem bu hakykaty aýdyň tassyklaýar.