Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça gazanylýan belent depginli ösüşler bilen Türkmenistan Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuşyny hil taýdan has-da gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugurunda geljege nazarlaýan toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýylllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” hem milli ykdysadyýetde düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga gönükdirilen işleriň möhüm ugurlarynyň biridir. Ykdysadyýetiň ýagdaýy halkyň ýaşaýyş-durmuş, halýagdaýynyň ygtybarly durmuş üpjünçiliginiň, adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowlandyrmagyň binýady bolup durýar. Ykdysadyýet ösdügiçe, ýurdumyz has-da kuwwatlanýar, adamlaryň durmuş derejesi has-da gowulanýar.