Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň baş maksady ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge esaslanýar. Şeýle asylly maksatlar Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende göterilmegine ýardam edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetli wakalara beslenýän şu günlerinde bu hakykat has aýdyň ýüze çykýar. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň ençeme döwleti bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy saklap, halkara derejede ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dabaralandyrýar. Aýanlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk, hoşmeýillilik, parahatçylyk söýüjilik halkymyza mahsus asylly gylyk-häsiýetlerdir. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde-de parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasaty beýleki döwletler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny we ösdürilmegini, halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek arkaly anyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.