Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi döwrüň möhüm meselelerini çözmekde döwletlerdir halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy höweslendirmäge oňyn täsir edýän şert hökmünde çykyş edýär. Şeýle hem ol köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk esasynda BMG-niň wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Beýleki döwletler bilen birlikde, Türkmenistan hut adamzada degişli bolan meseleleri çözmäge öz goşandyny goşup, oňa işjeň gatnaşmaga ymtylýar. Döwletimiziň türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwer däplerine, parasatly durmuş filosofiýasyna esaslanýan hukuk ýagdaýy BMG-niň Tertipnamasynyň esasyny düzýän umumadamzat gymmatlyklaryna doly laýyk gelýär. Türkmenistan üçin iki sene – Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy aýrylmaz baglanyşyklydyr.