12-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşliginiň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, köptaraplaýyn oňyn hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine uly goşant goşýar. Ýurdumyz türki dilli döwletleriň Ýewraziýa yklymynda eýeleýän çäk taýdan uly giňişliginde netijeli söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri doly peýdalanmagy maksat edinýär.