Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň gallaçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen, jemi 44 müň 300 gektar şolardan 17 müň 150 gektary daýhan hojalyklar bolup ýerde ekilen galla meýdanynda bol hasylyň kemala getirilmegi üçin ähli ukyp-başarnyklaryny bugdaý idegine gönükdirýärler. Olar agrotehniki çäreleriň her birini öz wagtynda we ýokary hilli amala aşyrmagyň hötdesinden gelip, ekin meýdanlarynda joşgunly zähmet çekýärler. Tejen etrabynyň çägindäki ak ekinlerini ýerli we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, haşal otlara garşy göreş çärelerini amala aşyrmak ýaly derwaýys işler utgaşdyrylyp, ýokary depginde alnyp barylýar. Ak ekinlere ideg etmekde “Tejen”, “Däneçilik”, “Agalaň” daýhan birleşikleriniň hem-de “Nurly ýer”, “Miweli diýar” “Arzuwly mülkdar”, “Sekiz bag” ýaly Daýhan hojalyklarynyň agzalary nusga alarlyk iş bitirýärler. Bularyň ekin meýdanlarynda ösümlikler 2-nji gezek iýmitlendirilýär, 2-nji, 3-nji gezek ösüş suwy tutulýar. Haşal otlaryň garşysyna göreş çäreleri bolsa, yzygiderli we ýokary derejede alnyp barylýar.