Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly, öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatlarynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça çalt depginde ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriniň netijesinde ata Watanymyzyň şan-şöhraty barha arşa göterilýär, ykdysady kuwwatymyz ýokarlanýar. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny ösdürmek, jemgyýetimizi has kämilleşdirmek hem-de Garaşsyzlygymyzyň durmuşymyzdaky ähmiýetini halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek boýunça geçirilýän çärelere Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komiteiniň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Ahal welaýat häkimligi bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komiteti bilen bilelikde guralan “Parahatlyk we ynanyşmak – bagtyýar durmuşymyzyň goşa ganaty” atly dabaraly maslahatda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydygy barada täsirli çykyşlar edildi.