Belent maksatlaryň badalgasy

Ýylyň şygarynyň mazmunyna görä öňde durýan wezipeleri amala aşyrmak bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygnyň 30 ýyllygy we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Ýylyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde bu toparyň ilkinji mejlisi geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugularynyň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminamada döwletimiziň häzirki zaman ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri, özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmek bilen bagly garaýyşlary öz beýanyny tapýar.