Berkakar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmekdir. Diýarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de medeni ulgamlarynda çagalaryň hukuklaryny goramaga we yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen şertler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek barada öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlylygyny beýan etmek we olaryň hukuklardan peýdalanmak mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Herekeleriň milli meýilnamasy” tassyklandy. Bu Meýilnama berk durmuş-ykdysady we hukuk binýadyna esaslanýar. Häzirki wagtda dünýäniň döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Ýurdumyz halkara konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň we beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň ýüzlerçesine goşuldy.