Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedow: “Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar” diýip bellemek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýyşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek babatdaky işleriniň has-da rowaçlanmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Bu hakykata döwlet Baştutanmyzyň wezipä girişmek dabarasyndaky çuň manyly çykyşynda aýdanlary hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz şol taryhy günde saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleriň dowam etdiriljekdigini, täze-täze hassahanalaryň, bejeriş-sagaldyş edaralarynyň gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlarydyr derman serişdeleri bilen üpjün ediljekdigini aýratyn belledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulus-ilimiziň sagdyn durmuşda ruhubelent ýaşamagy, beýik eşretleriň hözürini görüp, netijeli zähmet çekmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzyň çägi ýokdur