Hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan diplomatik syýasatynyň dabaralanmagy bilen ýurdumyz dünýä bileleşiginde sebitara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň berkidilmegine ähmiýet berýär. Giň gerimli halkara gatnaşyklaryň özenini düzýän netijeli hyzmatdaşlyklar dünýäde asudalygy gorap saklamakda, syýasy-diplomatik şertlerde bagtyýar durmuşy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Döwletimiziň daşary syýasaty dünýä giňişliginde ynsanperwerligi we umumadamzat ähmiýetli gatnaşyklary öňe sürýär. Ýakynda Türkmenistan bilen goňşy Azerbaýjan respublikasynyň arasynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda ähtnama gol çekildi. Halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ministrler derejesinde geňeşmeler geçirildi. Duşuşyga Oman Soltanlygynyň daşary işler ministri Saýýid Badr bin Hamad bin Hamud Al-Busaidi gatnaşdy. Maslahatda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ilerledilmeginde ýokary derejedäki özara hereketleriň ähmiýeti bellenildi. Halkara gatnaşyklarynyň ösmegine, şonuň netijesinde hem milli ykdysady ulgamlaryň işiniň ilerlemegine ýol açmak döwletimiziň döwrebap ýörelgesidir.