«Halkyň Arkadagly zamanasy»

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda düýpli özgertmeler ýoluna düşen Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysynyň sahypalaryny täze we şöhratly üstünlikler bilen baýlaşdyrýar. Öňdengörüjilikli we durmuş ugurly syýasat, ylmy esasda çemeleşmek, toplumlaýyn, strategik meýilnamalaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň, halk hojalygyna bazar gatnaşyklaryny we ylmyň gazananlaryny, önümçilige dolandyrmagyň usullaryny ornaşdyrmagyň özenini düzýär.