Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda dünýä derejesinde ösüşli sepgitlere ýetilýär. Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz toýdyr baýrama, satlyk şowhuna beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, döwletimiziň ykdysady ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Oba hojalyk pudagyndada amala aşyrylýan özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berýär. 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 7-ne Tejen etrabynyň Altyn asyr şäherindäki Pagta arassalaýjy kärhanada ýenede bir ajaýyp baýramçylyklaryň biri bolan Hasyl toý baýramy bellenilip geçildi. Babadaýhanlarymyzyň alyn deriniň, arly ýylky çeken zähmediniň miwesi bolan, bereketli hasylyň baýramçylyk dabarasy bu baýramçylyk ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap aldy. Bu baýramçylyga sungat we medeniýet işgärleriniň aýdym sazly dabaraly çykyşlary baýramçylyk şatlygyna hasam şatlyk, şowhun goşdy. Bu baýramçylyga gatnaşan adamlar Gahryman Arkadagymyza köp köp alkyşlaryny aýtdylar.