22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen we milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylan künjegi bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we şäheriň aragatnaşyk düzüminiň döwrebap derejede kämilleşmegine ak patasyny berdi.