Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň hereket edýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ulag ulgamyna möhüm orun degişlidir. Bu ugurda ýurdumyz sebit we halkara derejede ýaýbaňlandyrylan multimodal üstaşyr ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri taslamalaryň başyny başlaýar hem-de olary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrýar. Ulag ulgamyny dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman şertlerine laýyklykda ilerletmek bilen bagly öňe sürülýän möhüm başlangyçlar Ýer ýüzünde giň goldaw tapýar. Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynaň 63-nji plenar mejlisinde “Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.