NOWRUZ – DOST-DOGANLYKNOWRUZ – DOST-DOGANLYK BAÝRAMDYR BAÝRAMDYR

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Gutlagynda nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goň¬şuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birekbirege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir. Şu günki esasy wakalar Garagum derýasynyň kenarynda guraldy. Bu ýerde milli dessurlaryň we özboluşly ýörelgeleriň bitewi sazlaşygyny döreden ertekilerdäki şäheriň keşbi janlandyryldy. Hatara düzülen ak öýler, haly düşelen sekiler, bereketli gazanlar, ruhubelent aýdym-sazlar we şatlyk-şowhun bu günki baýrama özboluşly dabara berýär. Nowruz baýramynyň hormatyna guralan toýda älemgoşar öwüşginli bezegleri bolan öýleriň ýanynda hoş owazly aýdymlar belentden ýaň¬landy.