«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Ýurdumyzda adam hakdaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen ilatymyzyň saglygyny dürli kesellerden gorap saklamakda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlarymyz üçin dynç alşy bökdençsiz guramak maksady bilen, Dolandyryş merkeziniň döredilmegi “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň iş ýüzünde ýerine ýetirilýändiginden nyşandyr.