Tamdyr

Muzeýiň brynjy gatynda biziň türkmeniň mele myssyk çöregini bişirmek üçin ulanylýan enjamlary görüp bilersiňiz. Bu bölümde ilki bilen türkmeniň keramaty bolan mukaddes tamdyryna gözüň düşýär. Sergi zalynda görkezilen bu tamdyr XXI asyra degişli küýze tamdyrydyr. Türkmen öz tamdyryny sähetli günde, arassa ýerden yhlas bilen salýar. Tamdyryň göwresinde “goçak” nagşy çekilipdir, ol nagyş tamdyryň berekedini gözden-dilden goramak üçin edilýär. Çörek bişirmek üçin gerek bolýan tabak, kendirik, elek, suw,duz, hamyrmaýa ýaly gerek esbaplar bolup durýar. Sergide görkezilen çörek bişirmek üçin ulanylýan senetler XXI asyra degişlibolup durýar. Türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn.