Türkmenistan – BMG-niň abraýly düzüminiň agzasy

Türkmenistan 2026 – 2028-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (ECOSOC) agzalygyna saýlanyldy. Bu baradaky çözgüt Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň golaýda geçirilen 75-nji umumy mejlisinde yglan edildi. Mälim bolşy ýaly, Ykdysady we Durmuş geňeşi BMG-niň esasy düzümleriniň biri bolup, ol guramanyň ykdysady-durmuş meseleleri boýunça iş alyp barýan ýöriteleşdirilen edaralarynyň 15-siniň, düzümleýin komissiýalarynyň 9-synyň, sebitleýin komissiýalarynyň 5-siniň işini utgaşdyrmaga jogapkärdir. Geňeşiň agzalygyna Milletler Bileleşiginiň düzümindäki 193 döwletiň arasyndan her iki ýyldan bir gezek saýlanylýan 54 ýurt girýär. Her ýyl möhleti dolan döwletleri çalyşmak maksady bilen, sebitleýin toparlardan 18 ýurt saýlanylýar. Türkmenistan hem ilkinji gezek 2013 – 2015-nji ýyllarda, soňra bolsa 2019 -2021-nji ýyllar aralygynda durnukly ösüşiň ykdysady, durmuş we daşky gurşaw ölçeglerini ilerletmekde BMG-niň ulgamynda merkezi orny eýeleýän bu abraýly düzümiň agzalygyna kabul edilipdi.