Merkezi Aziýa – Ýaponiýa

Mälim bolşy ýaly, “Merkezi Aziýa +” formaty Türkmenistany, Özbegistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany hem-de sebit bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ösdürmek we pugtalandyrmak isleýän aýry-aýry döwletleri birleşdirýär. 2022-nji ýylda köptaraplaýyn formatlaryň, şol sanda “Merkezi Aziýa +” formatynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki konsepsiýasy tassyklanyldy. Şeýle görnüşdäki deňhukukly dialog gyzyklama bildirýän döwletleriň we guramalaryň ählisi üçin açykdyr. Bu hyzmatdaşlyk toplumlaýyn häsiýete eýe bolmak bilen, onuň çäklerinde diňe döwlet baştutanlarynyň duşuşyklary däl, eýsem, ministrler derejesindäki duşuşyklar hem geçirilýär. Şeýle formatdaky gatnaşyklar, esasan, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika, daşky gurşawy goramak, söwda-ykdysady, innowasion tehnologiýalar, maýa goýum ýaly ulgamlary öz içine alýar. Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň we özara tejribe alyşmagyň uly geljeginiň bardygyny aýtmak gerek. Merkezi Aziýa – bu diňe iki yklymy birleşdirýän uly geografik giňişlik däl. Umumy taryh, medeniýet, dil we din sebitiň 81 milliondan gowrak ilatyny biri-biri bilen has-da ysnyşdyrýan, baglanyşdyrýan we birleşdirýän şert bolup çykyş edýär. Bu bolsa gadymy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň üýtgewsizligini alamatlandyrýar.