Garaşsyzlyk bagtymyz.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen halkynyň her bir güni toý baýramlara, şanly senelere, taryha altyn harplar bilen ýazyljak ajaýyp wakalara beslenýär. Berkarar döwletimiziň taryhy özgerişlere beslenip ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, bagtyýar halkymyzyň parahat we abadan durmuşy ugrunda giň möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle döwletli döwranly, bagtdan paýly, alkyşdan serpaýly yrylmaz binýatly döwürde Berkarar döwletde ýaşamak uly bagtdyr. Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary-ýogy 35 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Asmanymyzyň asudalygy, gündüzleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda edýän aladalarynyň ýerine düşendigini aňladýar. Garaşsyzlyk –belent ykbal! Bu gün Türkmenistan, türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şol ykbalynyň toýuny toýlaýar.