Her dänäňiz müň bolsun, edermen gallaçylar!

Daýhanlar üçin ýene bir möhüm möwsüm ýetip geldi.Olaryň öňünde geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbini tutmak we ýetişdirilen gowaçany ýygnap almak wezipeleri dur. Il sylagly ýaşulylarymyzyň “Bismillasy” bilen bugdaý ekişine girişilenden soň, däne ekijiler doly güýjinde işläp başladylar.Bu bolsa, öňde duran wezipeleri wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.Welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynda bugdaý ekilşine badalga berildi. Etrabymyzda öz işine ökde, yhlasly çemeleşýän daýhanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de hemişelik Bitaraplyk derejämiziň 30 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde bugdaý ekişine başlan kärdeşlerimiziň ählisine “Her dänäniz müň bolsun!” diýip arzuw edýärin!