Halkymyzyň döwletli işiň başyny tutmazdan öňinçä, geňeş etmek däbiniň jemgyýetçilik ähmiýeti dogry hem-de aýdyň maksadyň kesgitlenilmegine ýardam edilmeginde bolup durýar. Terbiýeçilik ulgamymyza berk ornan şu ýörelge il-halkymyzy jebisleşdirip, agzybirlik sütünini bina etdi. Milli medeniýetimizde giňden ornan geňeş etmek, il bilen bitewülik däpleri türkmen soltanlarynyň adalatly höküm sürmegi bilen amala aşdy. Şunuň özi hem ýurdy dolandyran soltanlaryň, merdana serkerdeleriň atlarynyň halkymyzyň hakydasynda rowaýatlara öwrülip, müdimi ýaşamagynyň esasy sebäbidir. Ata-babalarymyzdan bize miras galan ýörelgeleriň gözbaşynda biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi gurduk. Dünýäni ösüşe alyp barýan işler has rowaçlansyn! Ýaşasyn Bitarap Watanymyz!