Bedew batly ösüşler – döredijilikli zähmetiň netijesi.

Geçen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, geçen ýylyň dekabr aýynda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda dürli görnüşli işewürlik duşuşyklarynyň, gepleşikleriň, forumlaryň we okuw maslahatlarynyň guralmagy berkarar Watanymyzyň ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasy ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysaly boldy. Türkmen halkymyz täze 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ýurdumyzyň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, durnukly ösüşiň ýyly boljakdygyna pugta ynanýar. Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşy alan täze ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny belläp geçeris. Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris. Garaşsyzlygyň 35 ýyly diýmek türkmen döwletiniň mertebesiniň dünýä derejesine göterilen döwri diýmekdir. Bu döwür – halkymyzyň berkarar döwletliligi, bagtyýarlygy, parahatçylykly ösüş ýoluny saýlap alyp, şol ýoldan hem ynamly gadam uran döwri.